ABŞ Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wizalar boýunça çäklendirmeleri ýatyrdy

BT
ABŞ Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wizalar boýunça çäklendirmeleri ýatyrdy
Nýu-Ýork, ABŞ (Surat: marketwatch.com)

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2025-nji ýylyň iýun aýynda girizilen wagtlaýyn wizalar boýunça çäklendirmeleri ýatyrdy. Bu karar Ak tam tarapyndan 2025-nji ýylyň dekabr aýynda çap edilen täze proklamasiýada resmi taýdan tassyklandy.

Resminamada bellenilişi ýaly, soňky döwürde Türkmenistan şahsyýeti tassyklamak we maglumat alyşmak ulgamlaryny kämilleşdirdi, şeýle-de migrasiýa we howpsuzlyk meseleleri boýunça ABŞ bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Munuň netijesinde, öň ulanylan çäklendirmeler gaýtadan seredildi we ýumşadyldy.

Gaytadan açylan wizalar:

Täze karara laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlary üçin ABŞ-a girmek aşakdaky wagtlaýyn wizalar boýunça gaýtadan rugsat berildi:

• B-1 (işewürlik wizasy) Iş duşuşyklaryna, gepleşiklere, maslahatlara we beýleki işewür çärelerine gysga möhletli gatnaşmak üçin.
• B-2 (syýahatçylyk wizasy) Syýahat etmek, garyndaşlara baryp görmek, bejergi almak ýaly maksatlar üçin.
• B-1/B-2 (utgaşyk wiza) Işewürlik we syýahatçylyk maksatlaryny bilelikde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
• F (talyp wizasy) Uniwersitetlerde, kollejlerde we dil okuw merkezlerinde bilim almak üçin.
• M (hünär okuw wizasy) Tehniki we hünär ugurlary boýunça okuwlar üçin.
• J (alyş-çalyş wizasy) Tejribe, okuw, ylmy-barlag we medeni alyş-çalyş maksatnamalary üçin.

Bu çözgüt Türkmenistanyň raýatlaryna görkezilen wiza görnüşleri boýunça ozal hereket eden adaty düzgünlere laýyklykda wiza tabşyrmaga we ABŞ-a wagtlaýyn syýahatlary meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär, ýagny wiza bermegiň umumy talaplary we tertipleri üýtgewsiz galýar.

Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-da hemişelik ýaşamak üçin niýetlenen immigrasiýa wizalary, şol sanda grin karta (Green Card) boýunça çäklendirmeler häzirlikçe saklanýar. Amerikan tarapy bu ugurda goşmaça seljerme geçirilýändigini belleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022