Türkmenistanyň Prezidenti halkara ýaryşlaryň ýeňijilerine pul baýraklaryny hem-de awtoulaglary gowşurdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti halkara ýaryşlaryň ýeňijilerine pul baýraklaryny hem-de awtoulaglary gowşurdy
Pul sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy, 2025-nji ýylyň 15-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabat şäherindäki Başa-baş Söweş sungaty sport toplumynda geçirilen gymmat bahaly baýraklary we pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada “Watan habarlary” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Baýraklar halkara Olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylara we talyplara, şeýle hem olaryň mugallymlaryna gowşuryldy. Şeýle-de halkara sport ýaryşlarynda ýeňiji we baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerine hem-de olary halkara derejesindäki ýatyşlara taýýarlan tälimçilere gymmat bahaly sowgatlar we pul sylaglary berildi.

Bellenen tertibe laýyklykda, üçünji orny eýelänlere 40 müň manat, ikinji orny eýelänlere 70 müň manat, birinji orny eýelänlere bolsa 100 müň manat möçberinde pul sowgatlary gowşuryldy.

Halkara sport ýaryşlarynda altyn medallary gazanan ýeňijiler goşmaça 2025-nji ýylda öndürilen “Toyota Camry” kysymly ýeňil awtoulaglar bilen sylaglandy.

Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar sporty ösdürmäge hem-de ýaşlara goldaw bermäge hemişe aýratyn üns berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС