2026-njy ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler. Çäräni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi guraýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Forumyň maksady — Türkmenistanyň bazarynda iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurt maýadarlaryny, halkara maliýe institutlarynyň wekillerini hem-de iri kompaniýalary bir ýere jemlemekdir. Forumyň dowamynda gatnaşyjylara häzirki zaman maýa goýum teklipleri hödürlener, şeýle hem göni daşary ýurt maýa goýumlaryny artdyrmaga we bilelikdäki, şol sanda sebit ähmiýetli taslamalary ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşylar.
Forum işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga, türkmen we daşary ýurt telekeçileriniň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de ýurduň eksport mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdiriler. Şeýle-de ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň geljekki ugurlary we häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylar.
Çäräniň çäklerinde ýöriteleşdirilen sergi hem geçiriler. Sergide senagat, oba hojalygy, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ýaly milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky gazanylan üstünlikler görkeziler. Gatnaşyjylar öňdebaryjy ýerli kompaniýalaryň önümleri we Türkmenistanda ulanylýan innowasion tehnologiýalar bilen tanşyp bilerler.
Neşirimize ýazylmak üçin:
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан


















