Aşgabat dokma toplumy 2026-njy ýyla bagyşlanan baýramçylyk önümlerini hödürleýär

BT
Aşgabat dokma toplumy 2026-njy ýyla bagyşlanan baýramçylyk önümlerini hödürleýär
ADT-nyň Täze ýyl önümleri

Aşgabat dokma toplumy Gündogar müçenamasy boýunça 2026-njy ýylyň nyşany—At ýylyna degişli ýöriteleşdirilen Täze ýyl mynasybetli sowgatlyk önümlerini hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.        

Täze ýyl mynasybetli hödürlenýän önümleriň arasynda nah matadan taýýarlanan ýorgan-düşek daşlyklary, saçaklyklar, ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri bilen bezelen torbalaryň, asma torbalaryň, ýumşak oýnawaçlaryň, sütükli matalardan taýýarlýan hammam halatlary, çalgyçlar we aşhana üçin niýetlenen dürli harytlar bar.

Önümleriň bezeg işlerinde baýramçylyk keşblendirilşine aýratyn üns berildi. Harytlarda ýylyň nyşany bolan bedewiň şekilleri, Aýaz baba, Täze ýyl arçalary we bezegleri ýerleşdirilendir. Täze ýyl sowgatlyklary ýokary hilli pagta bilen milli öwüşginiň sazlaşygynyň netijesinde uly islegden peýdalanýar.

Taýýar önümler hil barlag bölüminden geçirilip soňra, Aşgabat şäherindäki dükanlara we Täze ýyl söwda nokatlaryna ugradylýar. Şeýle hem daşary ýurtlaryň birnäçesine eksport edilýär.

Aşgabat dokma toplumy (ADT) — 2007-nji ýyldan bäri hereket edýä. Ol Orta Aziýadaky iň uly dokma kärhanasy bolup, ýokary hilli matalary we beýleki dokma önümlerini öndürýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022