Ýanwar-noýabr: Türkmen-hytaý söwda dolanyşygy $9,1 milliarddan geçdi

BT
Ýanwar-noýabr: Türkmen-hytaý söwda dolanyşygy $9,1 milliarddan geçdi
Hytaýyň Çžeszýan welaýatyndaky Ninbo porty. (Surat: Guang Niýu)

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 9 milliard 164 million 931 müň ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugy habar berýär.

2025-nji ýylyň noýabr aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 821 million 203 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Haryt dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Hytaýa jemi 7 milliard 720 million 177 müň dollarlyk önüm iberdi. Şol bir döwürde Hytaýdan import edilen harytlaryň möçberi takmynan 1 milliard 444 million 815 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Hytaýa edýän eksportynyň esasy bölegi tebigy gaz bolup ol turbageçirijiler arkaly iberilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022