IRU Orta geçelge arkaly ýük daşamalaryny çaltlandyrmak boýunça tekliplerini hödürledi

BT
IRU Orta geçelge arkaly ýük daşamalaryny çaltlandyrmak boýunça tekliplerini hödürledi
"Turkic Week" çäklerinde geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwary, Wena, Awstriýa (Surat: TDA)

Dünýäde ýük daşamalary täze söwda ugurlaryna tarap süýşýär, emma serhet geçelgeleri üstaşyr daşamalaryň ösdürilmeginde esasy çäklendiriji faktor bolup galýar. Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) Wenada geçirilen “Turkic Week” çäresiniň çäginde Orta geçelge boýunça daşamalary ýönekeýleşdirmäge gönükdirilen tekliplerini hödürledi. Bu barada IRU çarşenbe güni habar berdi.

IRU-nyň Baş sekretary Umberto de Pretto 2030-njy ýyla çenli Orta geçelge boýunça ýük daşamalarynyň möçberiniň üç esse artmagynyň mümkindigini belledi. Şol bir wagtyň özünde, ol infrastruktura desgalarynyň wagtynda döwrebaplaşdyrylmagynyň we serhetlerden üstaşyr geçiş tertipleriniň kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Çäräniň dowamynda sanly çözgütlere aýratyn ähmiýet berildi. Hususan-da, “eTIR” elektron ulgamy serhetlerde garaşmak wagtyny azaltmaga, amallaryň aýdyňlygyny ýokarlandyrmaga hem-de gümrük ulgamlarynyň arasynda has berk utgaşmagy üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

IRU-nyň bellemegine görä, Orta geçelgäniň bäsdeşlige ukyplylygy onuň geografik uzynlygy bilen däl-de, eýsem serhet geçelgelerinden geçiş tizligi bilen kesgitlenýär. Halkara ýol ulaglary (TIR) mehanizmleriniň doly ornaşdyrylmagy bu ugruň täsirli üstaşyr gatnaw ugry hökmünde kemala gelmegine,  söwdanyň we ykdysady ösüşiň höweslendirilmegine ýardam berip biler.

Hytaýyň, Gazagystanyň, Hazar deňziniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üstünden geçýän, Ýewropa we Aziýa yklymlaryny özara baglanyşdyrýan Halkara Transhazar ulag geçelgesi (Orta geçelge) demir we deňiz ulaglary arkaly konteýner ýük daşamalaryny amala aşyrmakda giňden ulanylýar.

2022
ENG TM РУС