Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2025-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna kärhanalara, guramalara hem-de ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndysynyň umumy möçberi 96 milliard 496,2 million manada ýetdi. 2024-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 92 milliard 942,9 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
2025-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 48 milliard 175,7 million manada deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli senesine çenli bu görkeziji 54 milliard 043,8 million manady düzdi.
Şeýle hem, 2025-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 17 milliard 901,1 million manada barabar boldy. 2024-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 14 milliard 428,4 million manada ýetdi.
Hasabat döwründe raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 30 milliard 419,4 million manada deň boldy. 2024-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 24 milliard 470,4 million manada ýetdi.


















