Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda 10 milliard 46 million 52 müň ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugy habar berýär.
2025-nji ýylyň dekabr aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 879 million 911 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
Haryt dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Ýanwar-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Hytaýa jemi 8 milliard 446 million 482 müň dollarlyk önüm iberdi. Şol bir döwürde Hytaýdan import edilen harytlaryň möçberi takmynan 1 milliard 599 million 570 müň ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmenistanyň Hytaýa edýän eksportynyň esasy bölegi tebigy gaz bolup, 2025-nji ýylda Hytaý Türkmenistandan 8,41 milliard ABŞ dollarlyk tebigy gaz import etdi.


















