“MULTIPOWER SRL” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

BT
“MULTIPOWER SRL” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
Annamämmet Annaýewiň Ionel Minea bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwary, Buharest, Rumyniýa (Surat: Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy)

“MULTIPOWER SRL” kompaniýasy Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şol sanda gaýtadan işlenen önümleriň käbir görnüşlerini ibermäge gyzyklanma bildirdi. Bu barada kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Ionel Minea Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew bilen geçirilen duşuşykda mälim etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy habar berýär.

Taraplar netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirip, bu ugurda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekde has-da ösdüriljekdigine umyt bildirdiler.

Rumyniýanyň “MULTIPOWER SRL” kompaniýasy tebigy gazdan we nebitden öndürilýän önümleriň söwdasy bilen meşgullanýar.

2022