Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy ÝUNISEF bilen taslamalary durmuşa geçirmekçi

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy ÝUNISEF bilen taslamalary durmuşa geçirmekçi
Oguljahan Atabaýewanyň Jalpa Ratna bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwary, Türkmenistan

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işi boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar çagalaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny, şeýle hem bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşykda Haýyr-sahawat gaznasynyň saglygy goraýyş we durmuş goldawy ulgamlarynda ynsanperwer başlangyçlary durmuşa geçirmekdäki möhüm orny aýratyn nygtaldy. BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekili Türkmenistanyň eneligi we çagalygy goramak babatda başlangyçlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyp, gazna bilen gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa bilen Jalpa Ratna ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2021-nji ýylyň martynda esaslandyrylan Haýyr-sahawat gaznasy ugurdaş düzümdäki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Işläp başlan döwründen bäri, gazna dürli ýurtlarda bolup geçen tebigy hadysalardan ejir çeken çagalara ynsanperwer kömek iberdi hem-de Türkmenistanda bejergä mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegini üpjün etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022