Sişenbe güni Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Mmiso Dlamini Türkmenistanyň işewür wekiliýetini Premýer-ministriň we Ministrler Kabinetiniň rezidensiýasynda kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda maýa goýum mümkinçilikleri hem-de Türkmenistan bilen Eswatininiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Eswatini Patyşalygynyň Hökümeti sosial ulgamlarda habar berdi.
Bu duşuşyk iki ýurduň arasynda diplomatik we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäginde geçirildi.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Folile Şakantu hem-de Içeri işler ministri, Şa zenany Lindiwe bilen hem duşuşyklary geçirdi.


















