Aziýa Ösüş banky (AÖB) sebit ähmiýetli “Integrasiýa, logistika we ösüş üçin serhet geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak” atly taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen 50 million ABŞ dollary möçberinde karz serişdelerini bölüp bermek mümkinçiligine seredýär. Bu taslamanyň gatnaşyjylarynyň hatarynda Türkmenistan hem bar.
Duşenbe güni “Report” habarlar agentligi AÖB salgylanyp habar bermegine görä, bu başlangyç sebit häsiýetine eýe bolup, onuň gatnaşyjylarynyň hatarynda Azerbaýjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Pakistan, Hytaý Halk Respublikasy, Täjigistan we Özbegistan hem bar.
Taslamany maliýeleşdirmek Aziýa Ösüş bankynyň maýa serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Taslama konsepsiýasynyň 2027-nji ýylyň 26-njy noýabrynda makullanmagyna, karz maliýeleşdirilmeginiň bolsa 2028-nji ýylda tassyklanylmagyna garaşylýar.
Aziýa Ösüş Banky — Aziýa we Ýuwaş umman sebitindäki ýurtlaryň durnukly ykdysady ösüşini goldamak maksady bilen döredilen halkara maliýe guramasy bolup, döwletlere karzlar, grantlar we tehniki goldawlary berýär.


















