Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklandy

BT
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklandy
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň binasy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” ýerine ýetirilişiniň çäklerinde maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek hem-de bank ulgamynda döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak ugrunda degişli işler barada maglumat berildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat berdi.

Wise-premýer Konsepsiýanyň çäklerinde maliýe tehnologiýalaryň çözgütlerini tapgyrlaýyn ösdürmäge hem-de bank ulgamyny sanlylaşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Hususan-da, hasabatda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Bu ugurda degişli teklip döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bank ulgamynda döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtap, degişli banklaryň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk-de has-da kämilleşdirmek baradaky teklibi makullady hem-de bu ugurda zerur çäreleriň görülmegini tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe meselelerine hem seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022