Türkmenistanyň oba mekdebinde ätiýaçlyk gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanylmaga berildi

BT
Türkmenistanyň oba mekdebinde ätiýaçlyk gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanylmaga berildi
Ahal welaýatynyň Nurly zaman obasyndaky 33-nji orta mekdep

Ahal welaýatynyň Nurly zaman obasyndaky 33-nji orta mekdepde ätiýaçlyk gün fotoelektrik (FE) ulgamy gurlup ulanmaga berildi. Bu ulgam Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda ÝUNISEF tarapyndan gurnaldy.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň metbugat gullugynyň beýanatynda bellenilişi ýaly, bu başlangyç okuwçylar we mugallymlar üçin mekdep düzüminiň esasy elementleriniň ygtybarly işledilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Gün energiýasy arkaly işleýän bu ulgam mekdebiň sanitar-tehniki ulgamlary üçin suw nasoslarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär.

Enjamlary gurnamak işleri Bilim ministrliginiň we ÝUNISEF-iň bilelikdäki “Ýaşyl mekdep” maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Tehniki topluma umumy kuwwaty, takmynan, 36 kWT bolan 62 sany monokristally Gün paneli, litiý akkumulýator batareýalary we gibrid inwertorlar girýär. Ähli enjamlar tehniki standartlara we howpsuzlyk kadalaryna laýyklykda gurnaldy, synagdan geçirildi we ulanmaga berildi.

Bu başlangyç Durnukly ösüş maksatlarynyň 6-njy, 7-nji we 13-nji maksatlaryna (Eltiterli we arassa energiýa) gönüden-göni goşant goşýar. Şeýle hem ol Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň we 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek baradaky Milli strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.

2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda ÝUNISEF-iň, Bilim ministrliginiň we Ahal welaýat häkimliginiň wekilleri alnyp barlan işleriň netijeleri bilen tanyşmak üçin mekdebe baryp gördüler. Bu sapar amaly maýa goýumlaryň howanyň üýtgemegi şertlerinde jemgyýetçilik düzümini nähili netijeli gurap we berkidip bilýändigini aýdyň görkezdi.

2022