Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesinde ýerleşýän “Garabogazkarbamid” zawodynda 2026-njy ýylyň ilkinji aýynda karbamid dökünleriniň 95 müň tonnasy öndürildi. Munuň özi meýilnamada görkezilenden 25 müň tonna köp bolup, ol ösüşiň 136 göterimine barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, zawod boýunça şu ýylyň başyndan bäri 40 müň tonna derek 54 müň tonnadan gowrak ammiak öndürildi. Netijede, öndürilen önüm tabşyrykdan 14 müň tonnadan gowrak köp bolup, bu babatda 135 göterim ösüş gazanyldy.
“Öndürýän önümlerimiziň aglaba bölegini Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýä, Owganystana, Singapura we Ýewropa ýurtlaryna eksport edýäris” diýip, “Garabogazkarbamid” zawodynyň karbamid öndürýän bölüminiň ýolbaşçysy Agamyrat Şajaýew gürrüň berýär.
“Garabogazkarbamid” zawody 10 müň tonnalyk ammiak ammaryny, umumy sygymy 100 müň tonna karbamide deň bolan ammarlary, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgany, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gazturbina generatoryny, ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly binalary, şonuň ýaly-da, beýleki düzümleri özünde jemleýär.
Häzirki zaman ylmynyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlaryna daýanýan zawodyň önümçilik kuwwaty her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny, ammiagyň bolsa 660 müň tonnasyny öndürmäge barabardyr.


















