Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar
Sapar Palwanowyň Kristiýa Pobil Borrera bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň fewral aýy, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi (ÝB) energetika ulgamynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Degişli meselä Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Palwanow bilen Ýewropa Komissiýasynyň Energetika boýunça Baş müdirliginiň energetika howpsuzlygy we halkara gatnaşyklary bölüminiň direktory Kristiýa Pobil Borrera bilen bolan duşuşygyň dowamynda garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy ýekşenbe güni habar berdi.

Habara bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda energetika howpsuzlygy, durnukly infrastrukturalary ösdürmek we klimat gün tertibini durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar yzygiderli gatnaşyklara, şol sanda ýokary derejedäki duşuşyklara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar hem-de özara ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutmak bilen açyk we geljege gönükdirilen dialogy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Ozal Türkmenistan ulag we energetika, daşky gurşawy goramak hem-de “ýaşyl” ykdysadyýeti ilerletmek ugurlarynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny beýan edipdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС