Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) türkmen işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 669 million 542 müň manada barabar bolan geleşik baglaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin binýatlyk ýagy, polipropileni, nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), portlandsementi, nah ýüplügi, çig ýüpegi, şeýle hem bugdaý ununy satyn aldylar.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň önümi bolan suwuklandyrylan gazy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Ukrainanyň telekeçilerine pagta ýagynyň çökündisi, pagtanyň çig ýagly turşulygy, pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygy, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.


















