“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti Eswatini Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde bir million SIM-karty we otuz müň alýumin gabaraly LED çyralaryny Patyşalyga ýollamak boýunça anyk ylalaşyklary gazandy. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe günindäki sanynda habar berýär.
Eswatini Patyşalygynyň birnäçe ulgamlarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda strategik hyzmatdaşlygyň geljegi, tejribe alyşmak hem-de düzümleýin taslamalaryň çäginde döwrebap tehnologik çözgütleri ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar milli ID-pasportlaryny we şahsyýeti anyklaýyş döwrebap ulgamlaryny ornaşdyrmak, döwlet sanawlaryny (reýestrlerini) sanlylaşdyrmak, şeýle hem pasport we identifikasiýa ulgamlarynda “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetiniň öňdebaryjy tehnologik çözgütlerini ulanmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle hem Eswatini Patyşalygynyň we “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetiniň wekilleri bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny dowam etdirmäge özara gyzyklanma bildirdiler.
Şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň işewür wekiliýeti söwda, maýa goýumlary we ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin sapar bilen Eswatini Patyşalygyna bardy.


















