Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2026-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna kärhanalara, guramalara hem-de ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndysynyň umumy möçberi 98 milliard 556,7 million manada ýetdi. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 92 milliard 135,7 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
2026-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 48 milliard 332,9 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň degişli senesine çenli bu görkeziji 52 milliard 127,8 million manady düzdi.
Şeýle hem, 2026-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 18 milliard 830 million manada barabar boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 14 milliard 761,1 million manada ýetdi.
Hasabat döwründe raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 31 milliard 393,8 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 25 milliard 246,8 million manada ýetdi.


















