Köneürgenç etraby $1 million pul baýragy bilen sylaglanyldy

BT
Köneürgenç etraby $1 million pul baýragy bilen sylaglanyldy
Türkmeniň Ak öýüniň açylyş dabarasy, 2021-nji ýylyň 22-nji iýuly, Daşoguz, Türkmenistan

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby iň ýokary ösüş depginini gazanmak boýunça Türkmenistanyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň arasynda her ýylda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijisi bolup, $1 million pul baýragy bilen sylaglanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda bu etrap ýokary netijeleri görkezdi diýip, “Watan habarlary” gepleşigi habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Köneürgenç etrabyny bäsleşigiň 2025-nji ýyldaky ýeňijisi diýip yglan etmek hem-de etrabyň häkimligine pul baýragyny bölüp bermek hakynda Buýruga gol çekdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany şeýle bäsleşigiň 2026-nji ýylda hem geçirilýändigi hakynda mälim etdi.

Geçen ýyl iň gowy etrap adyna Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby eýe bolupdy.

Hökümetiň mejlisiniň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenilip, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem birnäçe ýolbaşçylar wezipä bellenilip, wezipeden boşadyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022