Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi Sapar Palwanow sişenbe güni Brýusselde Ýewropa Komissiýasynyň Daşky gurşaw boýunça baş müdirliginiň baş direktorynyň orunbasary Patrik Çaýld bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar ekologiýa ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmeklige garadylar. ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy strategik derejä çykarmagyň gepleşikleri işjeňleşdirmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.
Şeýle hem sebitiň durnukly ösüşiniň esasy görkezijileriniň birine öwrülýän suw serişdeleri meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de institutlaşdyrylmagynyň, şol sanda çarçuwa mehanizmleriniň we ýol kartalarynyň işlenip düzülmeginiň zerurdygyny nygtadylar.
Gepleşikleriň jemleri boýunça daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we amaly gepleşikleri giňeltmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy.
Şol gün Brýusselde Türkmenistanyň ilçisi Sapar Palwanow bilen Ýewropa Parlamentiniň deputaty, Adam hukuklary boýunça komitetiň (DROI) başlygy Munir Saturiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

















