Türkmenistana gönükdirilen iri türk maýa goýumlarynyň möçberi $1,1 milliarddan geçdi

BT
Türkmenistana gönükdirilen iri türk maýa goýumlarynyň möçberi $1,1 milliarddan geçdi
“Gap İnşaat” kompaniýasynda alynyp barylýan işlerden bir pursat

Türkiýeden Türkmenistana 2025-njy ýylyň birinji ýarymy ýagdaýyna gönükdirilen iri maýa goýumlarynyň möçberi 1,1 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada duşenbe güni Trend agentligi Ýewraziýa ösüş bankyna (ÝÖB) salgylanyp habar berdi.

ÝÖB-iň maglumatyna görä, 2025-njy ýylyň birinji ýarymy ýagdaýyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň elektrik energiýa senagatyna Türkiýäniň esasy maýa goýumlarynyň umumy möçberi 3,8 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Sebitde Türkiýäniň esasy hyzmatdaşlary hökmünde Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan galýar.

Ileri tutulýan taslamalaryň hatarynda Türkmenistandaky TOP (Türkmenistan–Owganystan–Pakistan) elektrik geçiriji liniýasy, Almaty we Türküstan şäherlerindäki howa menzilleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, şeýle hem dokmaçylyk we gaýtadan işleýän senagat pudaklarynda iri başlangyçlar görkezilýär.

ÝÖB-iň bellemegine görä, Türkmenistanda ähmiýetli taslamalar, adatça hökümetara esasda amala aşyrylýar, bu bolsa strategik taýdan möhüm infrastruktura maksatnamalarynyň durnuklylygyny üpjün edýär.

Şeýle hem bank türk kompaniýalarynyň gurluşyk, senagat, elektroenergetika we infrastruktura ulgamlaryndaky tejribesiniň, şeýle-de elektrik energiýasyna bolan islegiň artmagy we giň gerimli infrastruktura maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň maýa çekmek üçin durnukly şertleri döredýändigini nygtady.

Ýewraziýa ösüş banky (ÝÖB) — 2006-njy ýylda Ýewraziýa sebitiniň ýurtlarynyň ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we durnukly ösüşini goldamak maksady bilen döredilen köp taraplaýyn bankdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022