Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni sapar bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Aşgabadyň Halkara howa menzilinden ýurduň resmi adamlary ugratdy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu bolsa gatnaşyklary has hem öňe ilerletmekde möhümdir. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açar diýlip garaşylýar.

Mälim bolşy ýaly Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hoşniýetli we deň hukuklylyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Bu hyzmatdaşlyk häzirki wagtda täze derejä çykýar, diýip habarda bellenilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022