Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli ýekşenbe güni geçirilen dabarada gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýana we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna “Arkadag” medalyny gowşurdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, dabarada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlagy we sahawatly ýörelgeleri ösdürmekde işjeňlik görkezen halkara guramalaryň ýurtdaky wekilhanalarynyň käbir ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglamak hakynda Permany okaldy.
BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna we BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýana hemmeleri haýyr işleri esasy ugur edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli gutladylar we özlerine gowşurylan ýokary döwlet sylagyny uly buýsanç bilen kabul edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallygyny beýan etdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli guralan dabara ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen çykyşlary bilen dowam etdi. Şanly waka mynasybetli ýaýbaňlandyrylan konsertde teatr artistleri we Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň, çagalar tans toparlary bilelikde aýdym-sazly edebi kompozisiýany ýerine ýetirdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Şol döwürden bäri gaznanyň ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän işleri netijesinde howandarlyga mätäç çagalara degişli kömek-goldawlar berildi.

















