Türkmenistanyň ilçisi ÝK-nyň barlaglar we innowasiýalar boýunça ýolbaşçysy bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň ilçisi ÝK-nyň barlaglar we innowasiýalar boýunça ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Sapar Palwanowyň Mark Lemetre bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 18-nji fewraly, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Komissiýasynyň Barlaglar we innowasiýalar boýunça Baş müdirliginiň (DG RTD) baş direktory Mark Lemetre bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ylmy barlaglar, ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy habar berdi.

Ilçi Ýewropa Bileleşiginiň 2025–2026-njy ýyllarda Türkmenistanyň üç esasy daşary syýasy we ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýokary tehnologiýalar, emeli aňy ösdürmek hem-de howa gün tertibi görkezildi.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýanyň ekologik we howa bilen bagly kynçylyklaryna, şol sanda suwyň deňagramlygynyň üýtgemegine we Hazar deňziniň suwunyň çekilmegine aýratyn üns berildi. Şeýle hem ylmy taýdan esaslandyrylan seljermäniň geçirilmeginiň, häzirki zaman monitoring ulgamlarynyň ornaşdyrylmagynyň hem-de öňdebaryjy tehnologik çözgütleriň ulanylmagynyň zerurdygy nygtaldy.

Türkmen tarapy Merkezi Aziýada ekologik monitoring we howa barlaglaryna gönükdirilen Sebitleýin innowasiýalar we tehnologiýalar merkezini döretmek baradaky başlangyjy bilen tanyşdyrdy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Komissiýasynyň Bilim, ýaşlar, sport we medeniýet boýunça Baş müdirliginiň (DG EAC) baş direktorynyň orunbasary Normunds Popens bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda bilim, ýaşlar syýasaty we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2022