Türkmenistanyň Gyrgyzystana pomidor eksporty 9% artdy

BT
Türkmenistanyň Gyrgyzystana pomidor eksporty 9% artdy
Türkmenistanyň ýyladyşhanalarynda pomidorlaryň ýygnalynýan pursady

2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Gyrgyzystana pomidor eksporty 9 göterim artdy. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, “Tazabek” neşiri anna güni habar berdi.

Edaranyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ýanwar–dekabr aralygynda Gyrgyzystan Türkmenistandan takmynan 19 müň tonna pomidor import edip, onuň umumy bahasy 13,9 million ABŞ dollaryna deň boldy. Gyrgyzystanyň 2024-nji ýylda türkmen pomidor üpjünçiliginiň möçberi 17,4 müň tonna bolup, 9,8 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Ozal Gyrgyzystanyň Milli statistika komiteti 2024-nji ýylyň ýanwar–oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Gyrgyzystana 15,2 müň tonnadan gowrak pomidor eksport edendigini, onuň umumy bahasynyň takmynan 8,9 million ABŞ dollaryna deň bolandygyny habar beripdi. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23 göterim ýokary boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan Gyrgyzystanyň bazaryna pomidor üpjün edýän iň uly döwlet bolup galýar.

2022