Türkmenistanda Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek meýilleşdirilýär

BT
Türkmenistanda Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek meýilleşdirilýär
Aşgabat-Türkmenabat awtobany

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Daşoguz welaýatyny Aşgabat şäheri bilen baglanyşdyrjak Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek hem-de bu ýoluň ugrunda täze köprini gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ýurdumyzyň esasy ýollarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Döwlet Baştutany bu ýoluň durkuny täzelemek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow mejlisiň dowamynda ýurduň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny, köprüleri gurmak boýunça Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmennebit” döwlet konsernine zerur bolan tehnikalary we enjamlary satyn almaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС