Arkadag şäherinde Amerikanyň uniwersitetlerine girmäge mümkinçilik berýän mekdep açylar

BT
Arkadag şäherinde Amerikanyň uniwersitetlerine girmäge mümkinçilik berýän mekdep açylar
Garward uniwersiteti, ABŞ (Surat: (Фото: Bloomberg)

Türkmenistanyň Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim usullary we standartlary boýunça okadyljak, iňlis diline ýöriteleşdirilen mekdebi açmagy meýilleşdirýäris we şunda esasy ünsi çekmeli zat bar: okuw prosesi ýaşlara ABŞ-nyň abraýly uniwersitetlerinde, ýagny Garwardda, Massaçusets tehnologiýa institutynda, Kolumbiýa uniwersitetinde okuwlaryny dowam etdirmäge mümkinçilik bermäge gönükdiriler diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda iňlis diline uly gyzyklanma bardygyny belläp, häzirki günde ýurduň ähli umumybilim berýän mekdeplerinde iňlis dili öwredilýändigini nygtady. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary okuw mekdepleriniň dördüsinde okuwlaryň iňlis dilinde alnyp barylýandygyny belledi.

“Medeniýet barada aýdanymyzda, Nýu-Ýorkdaky Metropoliten muzeýi bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Men bu hyzmatdaşlygy giňeltmegi zerur hasaplaýaryn. Türkmenistan gadymy we örän baý taryha, medeniýete eýe bolan döwletdir. Öz gezeginde, bizde amerikan kinematografiýasyna, edebiýatyna, sazyna uly gyzyklanma bar. Soňky ýyllarda dürli bilim maksatnamalary amala aşyrylýar, professorlaryň saparlary, olaryň umumy we ussatlyk sapaklary geçirilýär” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow interwýunyň dowamynda belläp geçdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusynda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumy bahasy 45 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan ýüzlerçe ykdysady taslamalaryň amala aşyrylandygyny we aşyrylýandygyny mälim etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС