Germaniýanyň “Monforts” kompaniýasy iş netijeliligi ýokarlandyrmak we işiň uzak möhletleýin durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň dokma kärhanalaryndaky bar bolan önümçilik ugurlaryny kadalaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri amala aşyrýar. Bu barada kompaniýanyň Günorta we Merkezi Ýewropa boýunça satuw menejeri Tomas Peffgen “Trend” agentligine habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýa köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda iş alyp barmak bilen doly önümçilik aýlanşyklary bolan dokma kärhanalaryna matalary timarlamakda zerur bolan enjamlar hem-de tehnologiýalar bilen üpjün edýär. Şeýle hem Türkmenistan bilen kompaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk Germaniýanyň dokma enjamlaryny öndürijileriniň senagat birleşigi bolan VDMA tarapyndan goldanylýar.
Kompaniýanyň wekiliniň habar bermegine görä, “Monforts” Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki we döwlete degişli dokma kärhanalarynda termofiksasiýa (gyzgynlyk bilen berkitmek), sanforizasiýa we yzygiderli boýama ulgamlaryny gurnaýar hem-de olara tehniki taýdan hyzmatlary berýär.
“Monforts” — dokma senagaty üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürýän nemes kompaniýasydyr. “Monforts” 1884-nji ýylda esaslandyrlyp, ol dokma kärhanalary üçin timarlaýyş ulgamlary üpjün edýän dünýäde öňdebaryjy kompaniýa bolup durýar.










31368-90x604.jpeg)






