Türkmenistan AÖB-niň täze nesil serhet geçelgelerini döretmek taslamasyna goşuldy

BT
Türkmenistan AÖB-niň täze nesil serhet geçelgelerini döretmek taslamasyna goşuldy
Türkmenistanyň serhedinde ýükleriň barlanyşy

Türkmenistan Aziýa Ösüş bankynyň (AÖB) “CAREC ýurtlary üçin “täze nesil” döwlet serhet geçelgelerini ösdürmek” taslamasynyň çäklerinde tehniki goldaw bermek mümkinçiligi göz öňünde tutulýan ýurtlaryň hataryna girizildi.

Taslama Azerbaýjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Pakistan, Hytaý, Täjigistan we Özbegistan hem gatnaşýar. Tehniki kömegiň umumy möçberi 1 million ABŞ dollary hökmünde bahalandyrylýar we onuň AÖB-niň Ýörite tehniki kömek gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu barada AÖB sişenbe güni habar berdi.

Tehniki goldaw bankyň hem-de sebit ýurtlarynyň serhet geçelgelerini innowasion we ekologiýa taýdan durnukly çözgütleri ulanmak arkaly döwrebaplaşdyrmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir. CAREC maksatnamasy ulag geçelgeleriniň ugrunda birnäçe kiçi taslamalary maliýeleşdirýän BUILD mehanizmi arkaly taslamalary taýýarlamak üçin platforma bolup hyzmat eder.

Tehniki kömegiň esasy wezipelerine üç ileri tutulýan serhet geçelgesi üçin taslama resminamalaryny taýýarlamak, BUILD mehanizmi arkaly taslamalary durmuşa geçirmegiň täze usulyýetini döretmek, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň hünärmenlerini serhet geçelgeleriniň ulanylyşy we dolandyrylyşy boýunça taýýarlamak girýär.

Şeýle hem Türkmenistan suw serişdeleri babatda serhetara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de olary dolandyrmagyň howa üýtgemelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Aziýa Ösüş bankynyň sebit taslamasyna gatnaşar.

2022