“Daşoguzsuwhojalyk” önümçilik birleşigine täze tehnikalaryň 30-dan gowragy gelip gowuşdy

BT
“Daşoguzsuwhojalyk” önümçilik birleşigine täze tehnikalaryň 30-dan gowragy gelip gowuşdy
Aşgabat şäheriniň we ýurduň welaýatlarynyň häkimlikleriniň Jemagat hojalygy birleşikleri üçin satyn alnan tehnikalar, 2026-njy ýylyň 12-nji ýanwary, Türkmenistan

“Daşoguzsuwhojalyk” önümçilik birleşigine daşary ýurtlardan satyn alnan ýokary öndürijilikli tehnikalaryň 30-dan gowragy gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görülýän häzirki günlerde bu tehnikalar sebitiň zeý akabalaryny gazmak, olaryň hanalaryny giňeltmek, arassalamak işlerinde peýdalanylýar.

Daşoguz welaýatynyň Suw hojalyk önümçilik birleşiginiň hojalyk hasaplaşygyndaky “Ýersuwgurluşyk” kärhanasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň güwäsi bolan täze ekskawatorlar, ýer gazyjylar, buldozerler, işgärler üçin göçme awtoulaglar, ýangyç daşaýan, tehnikalar ýüklenilýän uzyn tirkegli ulaglar hem-de beýleki tehnikalar zeý akabalarynyň ugrunda möwsümleýin işleriň depginini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Täze tehnikalar toplumy häzirki wagtda Köneürgenç etrabynyň Şabende we Magrupy adyndaky daýhan birleşikleriniň çäklerindäki zeý akabalarynda ýer gazmak, tekizlemek, hanalary giňeltmek ýaly suw gurluşyk işlerinde gije-gündizleýin tertipde işledilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022