Türkmenistan we Gazagystan himiýa pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Gazagystanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berýär.
Degişli meselä penşenbe güni Aşgabatda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Resul Myradowyň Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Nurlan Nogaýew bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda garaldy.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmek, tejribe alyşmak we özara haryt dolanyşygyny artdyrmak meselelerini hem maslahatlaşdylar.
Geçen ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň bilen Gazagystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy 363,6 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

















