Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň mineral dökünleri öndürýän täze toplumyna “Senagat 4.0” konsepsiýasy ornaşdyrylyp, himiki reaksiýalar emeli aň (EA) tarapyndan dolandyrylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, munuň özi adam faktoryny peseltmäge, himiki birleşmeleriň düzüminde ýokary takyklygy üpjün etmäge mümkinçilik berer. “Senagat 4.0” konsepsiýasynyň ornaşdyrylmagy bilen, Türkmenabatdaky himiýa zawody adaty senagat kärhanasyndan ählumumy sanly ekoulgama birikdirilen ýokary tehnologiýaly merkeze öwrüler.
“Akylly” önümçilikde senagat internetiniň, uly maglumatlar (Big Data) seljermesiniň tehnologiýalary fosfor dökünleriniň önümçiligine hakyky wagt tertibinde gözegçilik etmäge, çig malyň we elektrik energiýasynyň sarp edilişini tygşytlamaga, önümçilikdäki bökdençlikleriň öňüni almaga ýardam berer diýip, habarda bellenilýär.
Şeýle hem Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde diňe bir ösümlikleri iýmitlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, topragyň şorlaşmagynyň öňüni alýan, onuň düzümini gowulandyrýan serişdeleri döretmek boýunça ylmy-barlag işleri alyp barýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenabatdaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünini öndürmäge niýetlenen täze toplumyň gurluşygyna badalga berdi.

















