TDHÇMB-da anna güni 84 million manatlyk polipropilen satyldy

BT
TDHÇMB-da anna güni 84 million manatlyk polipropilen satyldy
TDHÇMB-däki söwdadan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni geçirilen söwdalarynda ýerli işewürleri “TPP Z 30 G” we “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Geleşikleriň umumy bahasy 84 million manada deň boldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen işewürleriniň satyn alan “TPP Z 30 G” we “TPP D 30 S” kysymly polipropileni “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürildi.

Daşary ýurt walýutasyna BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni we ýerli işewürlerden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 650 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda türkmen işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 253 million 664 müň 200 manada barabar bolan geleşik baglaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС