Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” mowzugynda geçiriljek sergä taýýarlygyň çäklerinde ýurduň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama, enjamlaşdyryş we bezeg işleri boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Wise-premýer bu sergä döwletiň “Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşjakdygyny mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda, Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň iri möçberli halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. “Munuň özi dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy we ýurduň “EKSPO — 2027” Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

















