Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) şenbe güni geçiren söwdalarynda ýerli telekeçiler “Türkmengaz” döwlet konserninden jemi bahasy 100 million manat bolan pes hilli tehniki kükürt satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB habar berdi.
Şeýle hem içerki bazar üçin ýerli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninden SN-180 kysymly başlangyç ýagy satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.
Daşary ýurt puluna Türkiýeli işewür ýuwulan garaköli ýazlyk, güýzlik we tokly ýüňini, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler bolsa ýerli işewürlerden 1-nji hilli bugdaý uny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 317 müň 910 ABŞ dollaryna barabar boldy.
TDHÇMB-niň şenbe güni geçiren söwdalarynda jemi 14 sany geleşik baglaşyldy.

















