Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Begenç Orazowyň “Täze Aý” haryt nyşany bilen iş alyp barýan süýji-köke kärhanasy ýakynda “Fru Miks” we “Mi-Mi” atly marmeladlary öndürip başlady. Bu barada kärhananyň hünärmeni sişenbe güni TSTB-niň 18 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçirilýän serginiň çäklerinde “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.
Kärhananyň hünärmeniniň gürrüň bermegine görä, “Fru Miks” marmeladynyň üç görnüşi, ýagny limon-laým, gara smorodina, banan ýakymly ysly toplumy, ewkalipt ýakymly ysly görnüşi, şetdaly, gara smorodina, ýertudana ýakymly ysly toplumy öndürilýär.

Şeýle hem kärhanada “Mi-Mi” marmeladlarynyň mango, banan, limon-laýn ýakymly ysly toplumynyň, şetdaly, armyt, ýertudana ýakymly ysly toplumynyň we gara smorodina, zirk we böwürslen ýakymly ysly toplumynyň önümçiligi ýola goýuldy.
“Täze aý” hususy kärhanasy birnäçe iri kärhananyň birleşmegi netijesinde 2004-nji ýylda esaslandyryldy we soňky ýyllaryň dowamynda ýurduň azyk bazarynda öňe saýlandy. Häzirki wagtda “Täze aý” hususy kärhanasy şöhlat, konditer we süýt, ýarym taýýar et önümlerini iri öndürijileriň biri bolup, alyjylara azyk önümleriniň ýüzlerçe görnüşini hödürleýär.

















