Mart III hepde: TDHÇMB-da 26,2 million manatlyk geleşik baglaşyldy

BT
Mart III hepde: TDHÇMB-da 26,2 million manatlyk geleşik baglaşyldy
Birža söwdalaryndan bir pursat

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) türkmen işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 26 million 251 müň 400 manada barabar bolan geleşik baglaşdylar.

Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin polipropilen we nebit önümlerini satyn aldylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Gruziýadan, Özbegistandan we Azerbaýjandan gelen telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen nebit önümlerini, polipropileni “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Şeýle-de türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilen dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 13 million 889 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 29 sany geleşik hasaba alyndy.

2022
ENG TM РУС