“Ayna Denim’” kompaniýasy jins önümlerini öndürmek ulgamynda “Colin’s” we “Befree” halkara brendleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu barada kärhananyň wekili sişenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen serginiň çäginde “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren interwýusynda aýtdy.
Kärhananyň önümçiligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagynda ýerleşýär. Häzirki wagtda önümçilik kärhanada takmynan 400 işgär zähmet çekýär.
Kompaniýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, önümçiligiň esasyny ýerli çig mal emele getirýär, bu bolsa taýýar önümleriň durnukly hilini we uzak möhletli ulanylyşyny üpjün edýär.

“Ayna Denim” öz işini doly önümçilik tapgyrlary ýörelgesine laýyklykda alyp barýar we doly önümçilik tapgyrlary dizaýn işläp taýýarlamakdan başlap, biçim taýýarlamak, tikinçilik we ahyrky gaýtadan işleýşe çenli ähli basgançaklary öz içine alýar.
Kompaniýanyň infrastrukturasy Stambulda ýerleşýän bölümleri, şeýle hem Aşgabatdaky bölek satuw toruny öz içine alýar. Kompaniýanyň dükanlary “Garaşsyzlygyň 15 ýylygy” söwda merkezinde we Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşýär. Kärhana şahsy sargytlary, ýagny bir müň birlikden başlap müşderiniň talaplaryna laýyklykda modelleri taýýarlaýar.
Kompaniýa jins önümlerini esasan hem Russiýa we Ýewropa bazarlaryna eksport edýär. “Ayna Denim” geljekde Polşanyň bazaryna çykmagy hem maksat edinýär.
“Ayna Denim” kompniýanyň habar bermegine görä, önümçilikde suw tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar we ekologiýa taýdan arassa materiallar ulanylýar. Şeýle çemeleşme daşky gurşawa ýetirilýän täsiri azaltmaga gönükdirilip, tekstil pudagynda durnukly ösüşiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär.

















