TDHÇMB-da çarşenbe güni $35,8 millionlyk nebit-himiýa önümleri satyldy

BT
TDHÇMB-da çarşenbe güni $35,8 millionlyk nebit-himiýa önümleri satyldy
Birža söwdalaryndan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçiren söwdalarynda jemi bahasy 35 million 837 müň ABŞ dollaryna barabar bolan nebit-himiýa önümleri satyldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Birža söwdalarynda daşary ýurt puluna Owganystanyň we BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen “A-92” kysymly ulag benzinini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Gruziýa döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar.

Şeýle hem içerki bazar üçin ýerli telekeçiler “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Geleşikleriň jemi bahasy 25 million 715 müň manada deň boldy.

TDHÇMB-niň çarşenbe güni geçiren söwdalarynda jemi 13 sany geleşik baglaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022