TDHÇMB-da duşenbe güni 30,8 million manatlyk bugdaý uny satyldy

BT
TDHÇMB-da duşenbe güni 30,8 million manatlyk bugdaý uny satyldy
Türkmenistanda öndürilýän 1-nji hilli un

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçiren söwdalarynda ýerli telekeçiler “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginden jemi bahasy 30 million 858 müň manat bolan 1-nji hilli bugdaý ununy satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Türkmen telekeçileri şeýle hem Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygyny (SŽK), “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-350” we “SN-600” kysymly başlangyç ýaglaryny we Dokma senagaty ministrliginden dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Geleşikleriň jemi bahasy 3 million 371 müň manada deň boldy.

Mundan başga-da, birža söwdalarynda daşary ýurt puluna  Gruziýanyň we Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D3820 BF” kysymly polipropileni, BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurt walýutasyna jemi bahasy 350 million 748 müň 700 ABŞ dollaryndan gowrak bolan geleşik baglaşyldy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС