Türkmenistan we Azerbaýjan Baku şäherinde ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we Azerbaýjan Baku şäherinde ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar
Nökerguly Atagulyýewiň Mikail Jabbarow bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 1-nji apreli, Baku, Azerbaýjan (Surat: Mikail Jabbarowyň sosial ulgamy)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew çarşenbe güni Baku şäherinde Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik taýdan ileri tutulýan ugurlaryna hem aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da duşuşykda energetika, ulag-logistika we üstaşyr ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022