2026: Lebap welaýatynyň ýüpekçileri piläniň 1010 tonnasyny öndürmekçi

BT
2026: Lebap welaýatynyň ýüpekçileri piläniň 1010 tonnasyny öndürmekçi
Türkmenistanda öndürilýän pile

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri 2026-njy ýylda gymmatly çig mal bolan piläniň 1010 tonnasyny öndürmekligi maksat edinýärler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar bermegine görä, bu möwsüme ilki bilen welaýatyň Gündogarynda ýerleşýän Köýtendag, Döwletli, Kerki hem-de Halaç etraplarynyň zähmetsöýer ýüpekçileri girişdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, şu möwsümde Köýtendag etrabynyň ýüpekçileri bir müň 42 guty gurçuk tohumyndan 38 tonna, Döwletli etrabynyň pileçileri bir müň 259 guty gurçuk tohumyndan 46 tonna, Kerki hem-de Halaç etraplarynyň ýüpekçileri hem degişlilikde 2 müň 327 we 4 müň 5 guty gurçuk tohumyndan 85 we 97 tonna pile tabşyrmaklyga borçlanýarlar.

Häzirki wagtda ýokarda atlary agzalan etraplarda ýüpek gurçuklary irki möhletde janlandyrylyp, “Lebapwelaýatýüpek” önümçilik birleşiginiň bölümleri bilen şertnama baglaşan ýüpekçilere paýlanylýar. Welaýatyň beýleki etraplarynda hem ýüpek gurçuk tohumlary janlandyrmak üçin inkubatorlarda goýuldy, ýakyn wagtlarda bu etraplaryň ýüpekçilik hojalyklarynda hem ýüpek gurçugyny idetmeklige girişiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС