Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçiren söwdalarynda Owganystandan gelen işewür jemi bahasy 53 million 375 müň ABŞ dollaryna deň bolan “ECO 93” kysymly ulag benzini satyn aldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.
BAE-niň işewürleri ýerli işewürlerden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Geleşikleriň jemi bahasy 767 müň ABŞ dollaryna deň boldy.
Içerki bazar üçin ýerli işewürler Dokma senagaty ministrliginden umumy bahasy 15 million 446 müň manada barabar bolan nah ýüplügini we dokma önümlerini satyn aldylar.
TDHÇMB-niň sişenbe güni geçiren söwdalarynda jemi 5 sany geleşik baglaşyldy.

















