Türkmenistan Kuala-Lumpurda geçirilen energetika maslahatyna gatnaşdy

BT
Türkmenistan Kuala-Lumpurda geçirilen energetika maslahatyna gatnaşdy
“Offshore Technology Conference Asia 2026” halkara maslahaty, 2026-njy ýylyň 31-nji martyndan 2-nji apreli aralygy, Malaýziýa, Kuala-Lumpur (Surat: “Turkmen Energy Forum”)

Türkmenistan 31-nji martdan 2-nji aprel aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen “Offshore Technology Conference Asia 2026” (OTC Asia) halkara maslahatyna we sergisine gatnaşdy. Bu barada “Turkmen Energy Forum” habar berýär.

Maslahatyň çäklerinde pudaklaýyn guramalaryň, bilim edaralaryň we okuw merkezleriň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşiklerde Malaýziýadaky hyzmatdaşlar bilen, şol sanda Türkmenistanyň energetika pudagynda öňdebaryjy halkara maýadarlaryň biri bolan “PETRONAS” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns berildi.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti “Universiti Teknologi PETRONAS” (UTP), Malaýziýanyň Nebitçi-inženerler jemgyýeti hem-de Malaýziýanyň nebitgaz we energetika hyzmat kompaniýalarynyň geňeşi bilen duşuşyklary geçirdi. Bu gepleşiklerde tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak we durnukly halkara hyzmatdaşlyk mehanizmlerini döretmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşyklaryň netijesi boýunça halkara hyzmatdaşlara Aşgabat şäherinde geçiriljek iri energetika çärelerine gatnaşmak üçin resmi çakylyklar gowşuryldy.Olaryň arasynda TESC 2026 halkara ylmy-amaly maslahat hem-de “Türkmenistanyň nebit we gazy – OGT 2026” atly 31-nji halkara maslahat we sergi bar.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň “Turkmen Energy Forum” kärhanasynyň goldaw bermeginde bu çärä gatnaşmagy ýurduň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugruna ygrarlydygyny tassyklady.

2022