Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Taslama laýyklykda, täze şäherçäniň meýdany 800 gektary eýeleýär. Bu barada çarşenbe güni çap edilen “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde habar berilýär.
Şäherçede jemi 4 müň 500 öýden ybarat bolan 2 müň 490 sany bir gatly bäş otagly we 2 müň 10 sany bir gatly üç otagly ýaşaýyş jaýlary gurlar. Mundan başga-da, toplumyň infrastrukturasyna geňeşligiň binasy, söwda merkezi, 500 orunlyk Medeniýet öýi, bir müň orunlyk metjit, awtomenzil, kuwwaty 15 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desga, mekdep, lukmançylyk merkezi we hassahana girýär.
Şeýle hem täze ilatly şäherçe 22 müň 500 adamyň ýaşamagy üçin niýetlenilip, bu taslama oba durmuşyny şäher ülňüleri bilen utgaşykly ösdürmegi maksat edinýär.
Habarda bellenilişi ýaly, döwrebap obalaryň gurluşygy Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup galýar.

















