Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni sapar bilen Awstriýa bardy.
Gurbanguly Berdimuhamedowy Aşgabat halkara howa menzilinden ýurduň resmi wekilleri ugratdylar. Bu barada “Watan habarlary” gepleşiginde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Awstriýa Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlary yzygiderli goldaýar. Bu başlangyçlar ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, energetika durnuklylygyny berkitmäge hem-de ulag geçelgelerini ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle-de ýurduň Merkezi Aziýada durnuklylygyň möhüm görkezijisi hökmünde Türkmenistanyň ornuny ykrar edýändigi nygtalýar.
Wena şäheriniň howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa sapary dowam edýär.

















