Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2022-nji ýylyň 1-nji noýabry, Russiýa

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ony doglan güni bilen öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan döwlet, syýasy we halkara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny dürli ugurlar boýunça ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Walentina Matwiýenko gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga, özara hormat goýmak däplerine esaslanýan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň goşandynyň wajyp ähmiýetini nygtady.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

2022
ENG TM РУС