Özbegistanda 18 sany türkmen kompaniýasy gurluşyk pudagynda iş alyp barýar

BT
Özbegistanda 18 sany türkmen kompaniýasy gurluşyk pudagynda iş alyp barýar
Özbegistanda gurluşyk (Surat: stat.uz)

Özbegistanyň gurluşyk pudagynda şu ýylyň 1-nji marty ýagdaýyna görä, türkmen maýasynyň gatnaşmagynda 18 sany kärhana hereket edýär. Bu barada Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti çarşenbe güni habar berdi.

Ýurduň gurluşyk pudagynda umuman alanyňda, daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda jemi 1 müň 160 sany kompaniýa hasaba alyndy.

Şeýle-de, ulag we ammarda haryt saklamak pudagynda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda 15 sany kärhana hereket edýär.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar–fewral aýlarynda 149,5 million ABŞ dollaryna deň boldy.

2022
ENG TM РУС