Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýanyň Prezidentini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýanyň Prezidentini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Wan der Bellen, 2026-njy ýylyň 10-njy apreli, Wena, Awstriýa (Surat: Aleksandr Wan der Belleniň sosial ulgamlardaky sahypasy)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa saparynyň çäklerinde şenbe güni ýurduň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Aleksandr Wan der Bellen çakylyk üçin hoşallyk bildirip, awstriýa-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, iki dostlukly halkyň bähbidine netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Netijeli ýagdaýda geçen pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň şu sapary syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge güýçli itergi berjek möhüm ädim hökmünde garaýandygyny nygtady.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy, hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň köpsanly Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýändigi üçin Awstriýa Respublikasyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda, türkmen halkynyň Milli Lideri haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri has doly ulanmagyň zerurdygyny aýtdy. Bu ugurda bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň möhüm orny bellenilip, onuň nobatdaky mejlisini şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirmek teklip edildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

2022
ENG TM РУС